Bilimli nesil —
kuwwatly Watan!
Ýaş nesle dünýä derejesinde bilim bermek
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyş döwründe Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň üstünlikli dowam etdirýän ylym-bilim syýasatynyň netijesinde ýurdumyzda ýaşlaryň dünýä derejesinde bilim almagy üçin ähli mümkinçilikler döredildi. «Bilimli nesil — kuwwatly Watan!» diýen ýörelgeden ugur alýan «Bilimler Gapysy» bilim merkezi hem bu beýik işlere mynasyp goşandyny goşýar.
Iň täze tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan okuw otaglarymyzda, öňdebaryjy halkara usulyýetleriniň esasynda daşary ýurt dillerini öwretmek arkaly, biz ýaş nesliň bilim derejesini ýokarlandyrmaga, olaryň geljekki mümkinçiliklerini giňeltmäge çalyşýarys. Çünki näçe dil bilseň, dünýä şonça-da giňelýär.
Her bir okuwçymyzyň üstünligi — Watanymyzyň ertirki kuwwaty. Şu belent ynam bilen biz her günki işimizi dowam etdirýäris.
Okuw üçin ähli zat bir ýerde
Kurslar
Iňlis dili

Beginner (A1): Başlangyç dereje
Noldan başlaýanlar üçin. Ýönekeý sözleri, elipbiýi, sanlary we özüňi tanyşdyrmagy öwrenýärsiňiz.

Elementary (A1.2) / Ýönekeý dereje
Gündelik temalarda (gün tertibi, dükan, maşgala) ýönekeý sözlemleri düzmegi we düşünmegi öwrenýärsiňiz.

Pre-Intermediate (A2) / Ortadan aşak dereje
Gündelik söhbetdeşlikleri saklamagy, öz pikiriňizi we tejribäňizi ýönekeý dilde beýan etmegi öwrenýärsiňiz.









